Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn jüýje» her sagatda 10 tonna iým öndürýär

16:0226.01.2022
0
2368

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän «Altyn jüýje» hojalyk jemgyýetinde içerki bazardan däneli ösümlikleri satyn alyp, olary ýöriteleşdirilen tehnologiýalar arkaly gaýtadan işläp, guş iýminiň sagatda 10 tonnasy öndürilýär. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.

Öndürilýän iýmiň düzümine guşlar üçin ýokumly bolan bugdaý, mekgejöwen, soýa, dürli witaminler, minerallar, ösümlik ýagy goşulýar. Şeýle-de broýler towuklary üçin deňagramlaşdyrylan iýmleri olaryň ýaş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na gö­rä, 4 görnüşde ön­dü­ril­ýär.

Şeýle hem bu ýerde iki toplumdan daşary inkubator ulgamy ornaşdyrylan kärhana hem bar. Ol Belgiýa patyşalygynyň «Petersime» kompaniýasynyň enjamlary bilen üpjün edilen. Geljekde enelik towuklaryň önümçiligi bilen meşgullanmagy hem göz öňünde tutup, Türkiýe Respublikasynyň «Tawsan» kompaniýasyndan 4 sany enelik towuklar üçin ketekler satyn alnyp ornaşdyryldy. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň söwda nokatlarynda «Altyn jüýje» haryt nyşanly önümleri uly isleg bilen satyn alynýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň