Soňky habarlar

Arhiw

«Nurly meýdanda» ýerli şertlere uýgunlaşan towuklar ýetişdirilýär

15:3626.01.2022
0
1190

2013-nji ýylda döredilen «Nurly meýdan» daýhan hojalygynda Ýewropanyň öňdebaryjy «Aviagen» kompaniýasynyň ýerli şertlerimize uýgunlaşan hem-de önümliligi ýokary bolan «ROSS 308» görnüşli towuklary ýetişdirilýär. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berdi.

Hojalygyň Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çägindäki guşçulyk toplumy, iým zawody, inkubator toplumy we enelik towuklaryň fermasy sazlaşykly işleýär. Inkubator toplumynda ýylda 12 million jüýje çykarmaga mümkinçilik bar. Onuň üçin gerek bolan tohumlyk ýumurtga enelik towuklaryň fermasynda ýetişdirilýär. Bu ýerde Guşçulyk toplumynda hersi 44 müň 200 jüýjä niýetlenen 12 ketek bolup, olar döwrebap enjamlar, ýagny towuklar üçin zerur bolan ýagtylygy we ýylylygy sazlaýjylar bilen üpjün edilen.

Daýhan hojalygynyň çäginde sagatda 10 tonna iým öndürýän kärhanasy hem hereket edýär. Bu ýerde işler gowşamaýan depginde alnyp barylýar. Guşlar üçin ýörite granula görnüşli iými öndürýän zawodyň ýyllyk kuwwatlylygy 72 müň tonna barabardyr. «Nurly meýdanyň» Bereket etrabynyň Uzynsuw obasynda ýerleşýän ýumurtga ugurly guşçulyk fermasynda bolsa «Lohmann» kompaniýasynyň 90 günde ýumurtga berip başlaýan towuklary idedilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň