Soňky habarlar

Arhiw

Balkanabatly telekeçi pomidorlary Russiýa ekport edýär

12:0126.01.2022
0
880

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy Halmämmet Amanmämmedowyň Balkanabat şäheriniň golaýynda ýerleşýän döwrebap ýyladyşhanasynda ýetişdirilýän tagamly pomidorlar Russiýa Federasiýasyna hem eksport edilýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti ýazýar.

Ýyladyşhana Türkiýede, Gollandiýada öndürilen kämil enjamlar bilen birkemsiz üpjün edilen. Bu ýerde ähli işler häzirki zamanyň kuwwatly tehnologiýalary esasynda alnyp barylýar. Munuň özi ýylylyk, çyglylyk, suwaryş ulgamlarynyň işlerini talabalaýyk ýola goýmaga kömek edýär.

Gök önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen, ekerançylyk meýdany 4 gektara, umumy tutýan meýdany bolsa 5 gektara barabar bolan ýyladyşhana balkanly ýaşlaryň birbada 60-a golaýyny täze iş orny bilen üpjün etdi. Ilaty pomidor bilen üpjün edip gelýän telekeçi hünärmenler şu ýerdäki pomidor düýpleriniň her birinden möwsümiň dowamynda alynjak hasylyň 7 kilogramdan 17 kilograma çenli boljakdygyny buýsanç bilen gürrüň berýärler.

Geljekde miwe hem öndüriler

Tejribeli telekeçiniň ýyladyşhanasynyň golaýynda bäş gektar meýdanda 5 müň 500 düýp dürli miweli agaçlar ösüp otyr. Ajaýyp görnüşe girip oturan bagda garaly, ülje, alma, pisse, şetdaly, alça, çereşnýa, hurma, armyt, erik ýaly agaç nahallary ekilen. Geljekde bu bagdan bol miwe hasylyny alyp, halka hödürlemegi maksat edinýän ezber telekeçi ýyladyşhanada ýetişdirýän gök önümleriniň görnüşlerini köpeltmegi hem-de olardan alynýan önümler üçin gaýtadan işleýän önümçiligi ýola goýmagy-da göz öňünde tutýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň