Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynda halkara bäsleşiklerde ýeňiji bolan okuwçylara sylaglar gowşuryldy

11:4126.01.2022
0
1820

Ýakynda Lebap welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan sebitiň mekdep okuwçylarynyň geçen ýylda halkara bäsleşiklerde görkezen netijeleriniň jemi jemlendi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Halkara taslama we ders bäsleşiklerinde has ýokary netije görkezen okuwçylara Hormat hatlary we sylaglar gowşuryldy.

Ýaşlar bäsleşiklerde medallaryň 41-sini gazandylar, olaryň 16-sy altyn, 14-si kümüş, 11-si bürünçdir. Sebitiň okuwçylary geçen ýyl halkara internet bäsleşiklerinde-de medallaryň 2-sine, dürli derejeli diplomlaryň 724-sine mynasyp boldular. Diplomlaryň 586-sy birinji derejelidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň