Soňky habarlar

Arhiw

“PepsiCo” 2030-njy ýyla çenli başlangyç plastiki gaplardan ýüz öwürmekçi

11:1726.01.2022
0
973

INTERFAX.RU habarlar gullugy meşhur PepsiCo kompaniýasynyň 2030-njy ýyla çenli Ýewropada çipsileridir suharikleri gaplamakda ilkibaşky plastikden ýüz öwürmekçidigini ýazýar.

Täze gaplaryň sarp ediş synaglary 2022-nji ýylda Fransiýada Lay's çipsilerini gaplamakda geçiriler. Biraz soňrak, şu ýyl Beýik Britaniýada Walkers brendiniň käbir önümlerini gaplamakda hem synag dowam etdiriler.

“Ikinji, işlenen plastigiň çeşmesi öň ulanan paketleriň gaýtadan işlenen galyndysy bolar, gaýtadan dikeldilýän materiallary ösümlik önümlerinden, meselem, gaýtadan işlenen ösümlik ýagyndan ýa-da sellýulozadan almak meýilleşdirilýär. Munuň hasabyna kompaniýa bir tonna gabyň hasabyndan parnik gazlarynyň howa taşlanýan möçberlerini 40 göterim azaltmagy meýilleşdirýär” diýlip, habarda aýdylýar.

PepsiCo Russiýa Federasiýasynda azyk önümlerini we içgilerini öndüriji, şeýle-de ýeralmany we çig süýdi senagat taýdan gaýtadan işleýän iri kompaniýadyr. Oňa RF-da kärhanalaryň 23-si degişlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň