Bäherden etrabyndaky ýüplük fabriginde 2021-nji ýylda 130,5 göterim ösüş gazanyldy

10:2826.01.2022
0
909

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky ýüplük fabrigi Türkmenistanyň dokma senagaty pudagynyň ösüşine saldamly goşant goşýan kärhanalaryň biridir. Fabrikde geçen ýylda önüm öndürmek boýunça gazanylan ýokary iş görkezijileri şeýle diýmäge esas berýär. Geçen 2021-nji ýylda bu ýerde 92 million 820 müň 214 manatlyk önüm öndürildi. Munuň özi geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 130,5 göterim ösüşiň gazanylandygyny aňladýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, fabrikde öndürilen 27/1, 34/1, 51/1 belgili ýüplükleriň agramly bölegi daşary bazarlara eksport edildi. Dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygy, ýokary hilliligi bilen tapawutlanýan eksport ugurly ýüplükleriň öndürilmeginde fabrikde zähmet çekýän ýaşlaryň goşandy has-da saldamly boldy. Bu ýerde zähmet çekýän işçiler 2022-nji ýyly hem uly üstünliklere beslemek ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň