Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda telekeçiler üçin “TM TRADE” ýeke-täk söwda platformasy işe girizildi

10:2726.01.2022
0
13978
Türkmenistanda telekeçiler üçin “TM TRADE” ýeke-täk söwda platformasy işe girizildi

TM TRADE platformasy türkmen işewürliginde harytlaryň we hyzmatlaryň ösdürilmegi üçin döredilendir. Hususan-da, marketing bölüminiň ýolbaşçysy Gurban Seýidowyň bellemegine görä, indi telekeçilik işini ösdürmegiň ähli gurallary bir umumy interfeýsde jemlenýär.

Ulanyjylar işewürlik gollanmasyny onuň Desktop görnüşinden başga-da, App Store we Google Play internet dükanlaryndan ýüklenip alynýan ykjam goşundy arkaly görüp bilerler.

Söwda platformasy harytlary we hyzmatlary öndürijilere, satyjylara, dolandyryjylara ýörite bilimi bolmazdan öz şahsy hasabyny döretmäge, bildirişleri we mahabatlary ýerleşdirmäge, sarp edijileriň ýüztutmalaryna jogap bermäge, täze müşderileri özüne çekmek bilen meşgullanmaga, ýurduň içinde we daşynda brendiň abraýyny we meşhurlygyny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Bu platformada harytlaryň we hyzmatlaryň türkmen, rus, iňlis hem-de türk dillerinde hödürlenmegi halkara bazarlaryna çykmaga şert döredýär.

Şunuň bilen birlikde, profiliň eýesi şahsy hasabyna gije-gündiziň dowamynda girip biler hem-de bu ýerde kärhanasynyň işi baradaky maglumatlary täzeläp, suratlary ýerleşdirip möhüm teklipleri we aksiýalary paýlaşyp biler.

Täze gollanma Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan we sebitlerinden müşderileri we hyzmatdaşlary aňsatlyk bilen tapmaga we olar bilen ýeňil hem-de tiz usulda aragatnaşyk gurmaga ýardam eder. Her bir kärhananyň profilinde häzirki salgysy, telefon belgileri, elektron poçtasy, sosial media hasaby ýaly göni aragatnaşyk saklamak üçin zerur bolan salgylar ýerleşdirilendir.

TM TRADE alnyp barylýan işiň ugruna garamazdan işewürligi ösdürmäge kömek eder.

Habar berilmegine görä, degişli taslamany işläp taýýarlaýjylar +99324322050, +99362068181 telefon belgileri arkaly ýa-da info@trade.com.tm elektron salgysyna hat ýollamak bilen özlerinde galan täsirleri, pikirlerini hem-de tekliplerini paýlaşmaga çagyrýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň