Soňky habarlar

Arhiw

Sazanda Bob Dilan ähli ses ýazgylaryny satdy

18:1725.01.2022
0
925

Amerikaly meşhur sazanda Bob Dilan öz aýdymlarynyň ählisini Sony Music kompaniýasyna satdy, bu kompaniýa şeýle-de onuň geljekki saz eserlerine hem hukugy satyn aldy. Bu barada Variety neşiri habar berdi. Geleşigiň umumy bahasy 200 million dollar boldy.

Rok-sazanda Bob Dilan häzirki zamanyň iň meşhur sazandalarynyň biridir. Ol 2016-njy ýylda edebiýat ugry boýunça halkara Nobel baýragyna mynasyp boldy, şeýle-de edebiýat boýunça Pulitser baýragynyň eýesidir.

Dilan XX asyryň iň täsirli sazandalarynyň biri diýlip yglan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň