Soňky habarlar

Arhiw

Beýik Britaniýanyň hökümeti syýahatçylar üçin COVID-19 çäklendirmelerini ýeňilleşdirýär

17:4525.01.2022
0
3087

11-nji fewraldan başlap Beýik Britaniýanyň häkimiýetiniň COVID-19 sanjymyny alan daşary ýurtly syýahatçylar üçin PCR barlaglaryny bes etjekdigi barada Birleşen Korollyklaryň ulag ministri Grant Şepps belleýär. Mundan başga-da, sanjym edilmedik jahankeşdeler üçin ýurda gireninden soň sekizinji günde kesgitlenen PCR barlaglary we 10 günlük çäklendirme ýatyrylar. Ýöne gelýän syýahatçylara ugramazdan ozal we serhetden geçmänkä iki günden gijä galman synaglary geçmek zerurdyr.

Ulag ministrliginiň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, bu karar howpsuz halkara gatnawynyň täzeden ýola goýulmagy üçin iň soňky ädim bolar. Daily.afisha.ru saýtynyň habar bermegine görä, bu iňlis syýahatçylyk pudagyna ep-esli derejede kömek eder we “Beýik Britaniýany dynç alyş günlerinden ozal we ýazky dynç alyşdan öň erkin ýagdaýa getirer”.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň