Soňky habarlar

Arhiw

Ertir Aşgabatda türkmen alabaýyna bagyşlanan halkara maslahat işe başlar

15:3125.01.2022
0
5358

Ertir ― 26-njy ýanwarda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmen topragy ― dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy» atly halkara ylmy-amaly maslahat we sergi öz işine başlar.

Çäräni Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy bilen bilelikde gurar.

Forumdaky çykyşlaryň üns merkezinde türkmen alabaýy we aw tazylary bolar.

Esasy mejlisden başga-da, maslahat 26-njy we 27-nji ýanwarda bölümlerde dowam eder. Ol 28-nji ýanwarda tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň