Türkmenistan bilen Pakistanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

11:4125.01.2022
0
1522

Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, 24-nji ýanwarda wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň daşary işler ministrleri 2022-nji ýylyň 22-23-nji martynda Pakistanyň Yslamabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 48-nji mejlisine görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly meseleler barada pikir alyşdylar. Mundan başga-da taraplar sebit hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň çözgüdinde özara hereketleriň pugtalandyrylmagy babatynda geçiriljek forumyň uly ähmiýete eýedigini belläp geçdiler.

Türkmenistan bilen Pakistanyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky birnäçe meselelerine hem seredilip geçirildi. Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň, şol sanda geçen 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen YHG-nyň Sammitiniň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Arif Alwniň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny nygtadylar.

Ministrler Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, şeýle-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik we optiki süýümli aragatnaşyk geçirijileriniň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly meseleler barada hem özara pikir alyşdylar.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 24-nji ýanwarda Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subramanýam Jaýşankar bilen hem telefon arkaly gepleşik geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň