Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Täjigistana pomidory iň kän eksport edýän döwlet boldy

10:5425.01.2022
0
12972
Türkmenistan Täjigistana pomidory iň kän eksport edýän döwlet boldy

Täjigistan ýyladyşhanada ýetişdirilen pomidorlaryň agramly bölegini Türkmenistandan satyn alýar. Biziň ýurdumyz Täjigistana pomidor eksport etmek işini 2020-nji ýyldan bäri alyp barýar.

Bilermenler, Türkmenistanyň bu işde Özbegistandan hem öňe geçip, täjik bazarynda ymykly ornaşandygyny ýazýarlar.

Şeýle hem Türkmenistan Russiýa bazaryna ýyladyşhana pomidoryny eltmekde öňdeligi saklaýar.

Geçen ýyl Türkmenistanyň hususy ýyladyşhanalaryndan 51 müň 314 tonna pomidor eksport edildi. Onuň umumy bahasy ABŞ-nyň 56 million dollaryna ýetýär. Esasy importçularyň sanawynda Russiýa, Gyrgyzystan, Gazagystan we BAE bar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda ýene-de 188 sany ýyladyşhana gurulýar. Olaryň umumy meýdany 1792 gektara ýetýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň