Soňky habarlar

Arhiw

Kerkide awtoulaglara gözegçilik edýän täze merkez açyldy

09:4925.01.2022
0
10800

Kerki etrabynyň polisiýa bölüminiň ýol gözegçiligi bölümçesiniň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş toparynyň edara jaýy ulanylmaga tabşyryldy.

Täze binada oturdylan enjamlar ulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklamak üçin ähli mümkinçilikleri berýär. Indi tehniki gözegçilikden geçirmek üçin getirilen awtoulaglar kompýuterleriň kömegi bilen barlagdan geçiriler we olaryň ýagdaýyna doly baha beriler. Oturdylan enjamlar ulaglaryň hereketlendirijileriniň, ýöreýän bölekleriniň, elektrik enjamlarynyň tüsseçykarlarynyň we beýleki bölekleriniň guratlygyny sähel wagtyň içinde anyklamaga mümkinçilik berer. Bu bolsa ýol hereketiniň howpsuzlygyny, sürüjileriň, ýolagçylaryň we pyýadalarynyň ömrüniň rahatlygy üpjün etmek üçin möhümdir.

Bu Lebap welaýatynda açylan häzirki zaman tehniki gözegçilik nokatlarynyň ikinjisidir. Mundan birnäçe ýyl ozal şeýle bina Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň ýol gözegçiligi bölüminiň ýanynda hem açylypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň