Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Aşgabady toplumlaýyn ösdürmek boýunça görkezmeleri berdi

22:4424.01.2022
0
15685

Şu gün, 24-nji ýanwarda geçirilen Hökümetiň sanly ulgam arkaly iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň hasabatyny diňledi.

Häkim R.Gandymow häzirki döwürde Türkmenistanyň baş şäheriniň merkezinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, döwlet Baştutanyň medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ak mermerli Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek, şäheriň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek, medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyny degişli derejede alyp barmak ugrunda ýerine ýetirilýän işleriň depginleriniň pesdigini belläp, işleriň guralyşynyň derejesine nägilelik bildirdi hem-de işleri talabalaýyk derejede guramagy häkimden talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Türkmenistanyň dürli künjeklerinde, şol sanda Aşgabat şäherinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, ýol-ulag düzüminiň işini kämilleşdirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Türkmen Lideri hasabaty diňläp, Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek, onuň degişli düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň nusgalyk derejä eýe bolmalydygyny belläp, bu ugurda işlenip taýýarlanylan Maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň