Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz şäherinde prokuratura edaralarynyň işgärleri üçin 16 öýli ýaşaýyş jaýy açylyp, ulanylmaga berildi

10:4524.01.2022
0
4048

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli, Daşoguz şäherinde welaýatyň prokuratura edaralarynyň işgärleri üçin ähli amatlyklary bolan, şäher gurluşygynyň hem-de häzirki zaman binagärliginiň iň öňdebaryjy talaplaryna laýyk gurlan täze ýaşaýyş jaýlarynyň birbada ikisi ulanmaga berildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde ýazylýar.

Welaýat merkeziniň Aşgabat köçesiniň ugrunda bina edilen, her biri 16 öýli, dört gatly täze jaýlaryň gurluşyk işlerini Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynyň baş potratçylygynda «Bagtyýarlyk ýoly» hususy kärhanasynyň işçi-hünärmenleri alyp bardylar.

Şäheriň gözel künjegindäki belent başly binalaryň hataryndan orun alan dört we üç otagly öýlerden ybarat täze jaýlarda ýaşaýjylar üçin häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Oňaýly ýerleşen ýagty otaglarynyň, giň eýwanynyň, aşhanasynyň kämil durmuş tehnikalary, beýleki zerur şertler bilen üpjün edilmegi häzirki döwürde ýurdumyzda adam baradaky aladanyň ileri tutulýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň