Berluskoni Italiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşmaz

16:4723.01.2022
0
775

Belta habarlar gullugynyň la Repubblica gazetine esaslanyp ýazmagyna görä, Italiýanyň öňki premýer-minstri Silwio Berluskoni ýurduň Prezident saýlawlaryna gatnaşmaz.

Bu barada resmi habary Berluskoniniň adyndan senator Liçiýa Ronsulli ýurduň partiýalarynyň koalisiýasynyň onlaýn-duşuşygy wagty beýan etdi, onda “Öňe, Italiýa” partiýasynyň başlygynyň öňde boljak saýlawlara dalaşgärlikden ýüz öwrendigi nygtalýar.

Munuň yzysüre Facebookdaky akkauntynda Berluskoniniň dalaşgärlikden ýüz öwürmeginiň sebäbi barada ýazgysy ýerleşdirildi, onda goja syýasatçynyň saýlawçylar bilen duşuşyk wagtynda saýlanmak üçin ýeterlik derejede ses almak mümkinçiligini görmändigi beýan edilýär.

Italiýanyň Prezidentininiň saýlawlary boýunça ýurduň Mejlisiniň birinji ýygnagy 24-nji ýanwarda geçer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň