Soňky habarlar

Arhiw

Täze Zelandiýanyň premýer-ministri toýuny yza süýşürdi

16:3923.01.2022
0
654

Täze Zelandiýanyň premýer-ministri Jasinda Ardern öz toýuny COVID- çäklendirmeler sebäpli yza süýşürýändigini ýurtda girizilen täze çäklendirmeler baradaky metbugat-ýygnagy wagtynda habar berdi. Bu barada RIANowosti ýazýar.

“Omikron” ştammy bilen bagly bu ýurt öňdäki duşenbede has berk çäklendirmeleri girizmekçi. Premýer-ministriň sözlerine görä, doglan günlerde we nika toýy dabaralarynda 100-den artyk adamyň üýşmegine gadaganlyk giriziler.

Ardern metbugat ýygnagy wagtynda öz toýy barada söz açyp: “Meniň Täze Zelandiýanyň beýleki müňlerçe raýatyndan tapawudym ýok. Ýagdaýlara görä bolmak meniň borjum” diýdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň