Soňky habarlar

Arhiw

Braziliýada 35 müňden gowrak adam öýüni terk etdi

16:3523.01.2022
0
439
Braziliýada 35 müňden gowrak adam öýüni terk etdi

Braziliýada suw joşmalary sebäpli 20-den gowrak adam gurban boldy, 35 müňden gowrak adam sil joşgunlaryndan gutulmak üçin öýlerini terk etmäge mejbur boldy. “Tebigy heläkçilik ýurduň Bauiýa ştatynyň 40 şäherini basdy” diýip, “Izwestiýa” habar berýär. Jussiape şäheriniň golaýyndaky Duas-Ilýas bendini sil ýykdy. Sinoptikler täze sil süýşmeleriniň boljakdygyny duýdurýarlar. Güýçli ýagynlar geljek hepdäniň ortalaryna çenli dowam eder diýlip çaklanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň