“Mars” kompaniýasy M&M’s mahabatyndaky gahrymanlarynyň keşbini üýtgedýär

13:4523.01.2022
0
5334

Mars amerikan kompaniýasy M&M’s şokolad nogullarynyň mahabatynda çykyş edýän gahrymanlaryň keşbini üýtgeder. Önümçilikçiniň internet saýtyndaky habara görä, olar has “inklýuziw”, ýagny bitarap häsiýetli bolarlar.

Kompaniýanyň bellemegine görä, M&M’s mahabaty personažlaryň keşbine has döwrebap çemeleşer. Özgerişlikler mahabatyň gahrymanlarynyň el-aýaklarynyň reňkine hem täsir etdi, eger olar öň adam bedeniniň has ýagty şöhlelendirilen reňkinde bolan bolsalar, indi dizaýnçylar olary has bitarap reňke, ýagny aksowult öwüsýän reňke boýadylar.

Mundan ötri, mahabatdaky iki zenan gahryman täze köwüş aldylar, indi goňur reňkli personaž ökjesi beýik zenan köwşüni däl-de, ortaça ökjeli tufli geýer, ýaşyl reňkli zenan gahryman bolsa ökjesi beýik ädigiň ýerine krossowka sport aýakgabyny geýer. Olaryň ikisiniňem makiýažy bitarap bezegde bolar. Marsyň wekili Jeýn Hwang bu iki zenan gahrymanyň “zenanlary goldaýan ruhy güýç boljakdygyny” aýdýar.

Özgerişlikler olaryň sesleridir häsiýetlerine-de galtaşdy, ýagny olaryň sesi has ýakymly, hoşamaý we özüne imrindiriji bolar. Şol bir wagtda olaryň ýiti akyly we degişmeçil häsiýetini saklap galjakdygy aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň