Soňky habarlar

Arhiw

Iş başynda galmagyny haýyş edýärler

17:3722.01.2022
0
1029

NATO harby bileleşigine agza iri döwletleriň birnäçesi guramanyň häzirki başlygy Ýens Stoltenberge möhleti tamamlanandan soňam iş başynda galmagyny haýyş edip ýüzlendiler. Onuň möhleti şu ýylyň oktýabr aýynyň başlarynda dolýar. Bu hakynda VG neşiri çeşmelere salgylanyp habar berdi.

Habarda Stoltenberge şeýle haýyş bilen ýüzlenen döwletleriň arasynda ABŞ bilen Germaniýanyň bardygy bellenýär.

Geçen ýylyň aýagynda iri harby alýansyň baş sekretary NATO-da ýolbaşçylyk möhleti tamamlanandan soň, watany Norwegiýanyň Merkezi Bankynyň başlygynyň wezipesini eýelemek islegi barada ýaňzydypdy. Bu mesele bilen bagly çözgüdi golaý wagtda Norwegiýanyň hökümeti kabul eder.

Stoltenberg iki gezek, ýagny 2000-2001 we 2005-2012-nji ýyllarda Norwegiýanyň premýer-ministri wezipesini eýeläpdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň