Nýu-Ýorkda prezident Teodor Ruzweltiň heýkelini aýyrdylar

17:3522.01.2022
0
720

ABŞ-da, Nýu-Ýork şäherinde ýurduň 26-njy Prezidenti Teodor Ruzweltiň hatyrasyna dikeldilen heýkel aýryldy, muňa heýkeliň ýanynda afrikalynyň we indeýiň keşbiniň şekilleri sebäp boldy.

2020-nji ýylda Amerikada bolup geçen köpçülikleýin bidüzgünçiliklerde Ruzweltiň ýadygärligi jynsparaz we kolonial häsiýetli diýlip yglan edildi, netijede, ýene garşylyk çykyşlarynyň döremek howpundan ätiýaçlanan ýerli häkimiýetler ýadygärligi ýykmaly diýen karar geldiler.

Ýeri gelende aýtsak, şeýle ýagdaý bütin ýurtda dowam edýär, soňky ýyllarda ABŞ-nyň taryhyndaky görnükli syýasatçylaryň we harby serkerdeleriň onlarçasynyň ýadygärlikleri ýykyldy, liberallar olar üçin milli taryhda orun bolmaly däldigini nygtaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň