Soňky habarlar

Arhiw

Italiýanyň kenar goragy bikanun göçegçili gämini heläkçilikden halas etdi

17:2922.01.2022
0
558

Italiýanyň kenar goragy gullugy Ortaýer deňzinde üsti 300 sany bikanun göçegçili gämini Ýewropa barýarka, heläkçilikden halas etdi diýip, Reýter habar berdi.

Halas edilenleriň arasynda 17 sany zenan maşgalanyň, 6 sany kämillik ýaşyna ýetmedik çaganyň bardygy aýdylýar. Uly bolmadyk gäminiň çakdanaşa kän adamly bolmagy onuň heläkçilige uçramak howpuny artdyrýar diýip, kenar gullugy habar berdi.

Mirgasiýa boýunça Halkara guramasynyň maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylda Ortaýer deňzini ýüzüp geçýärkä bikanun göçegçileriň 1,5 müňden gowragy heläk bolupdyr. Bikanun göçegçileriň köpüsi Liwiýanyň we Tunisiň kenarlaryndan Günorta Italiýa barmak isleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň