Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan özi üçin sportuň täze görnüşini — şort-tregi özeşdirýär

09:3210.02.2015
0
12590

Aşgabat, 10.02.2015. “Türkmenportal”.

Ýakynda Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde koreýanyň Phençhon şäherinde sportuň ýurdumyz üçin täze görnüşi — şort-trek boýunça “Dreamprogram” okuw maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen ýetginjekleriň halkara synag bäsleşiginde Türkmenistana ilkinji medallaryň ähli görnüşini gazanyp beren türgenleri hormatlamak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, sportuň şu görnüşi boýunça gönüden-göni ýaryşlaryň geçirilmegine getiren gysga ýodada konkide çalt typmak boýunça sport okuwlary 2018-nji ýylda Koreýa Respublikasynda geçiriljek gyşky olimpiýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde guraldy. “Dream program” maksatnamasy 13-den 17 ýaşa çenli bolan ýetginjeklere nivetlenen lyža sporty, snoubording we figuralaýyn typmak boýunça okuw derslerini özünde jemleýär. Bu okuwlar Hindistandan, Katardan, Indoneziýadan, Urugwaýdan, Ýemenden, Paragwaýdan, Ugandadan, Türkmenistandan we beýleki döwletlerden ýüzlerçe wekilleri ýygnady. 

Biziň ýurdumyza üç türgen wekilçilik etdi we olaryň ählisi Watanymyza medally dolandy. Ýaryşlar 500 metr aralyga geçirildi. Türkmen toparynyň düzüminde bu aralygy 55,13 sekuntda geçen Pena Ataýew altyn medaly eýeledi.

Kümüş baýragy Sakina Gulamalyýewa gazandy, Kuwwatmyrat Agamyradow bolsa hormat münberiniň üçünji basgançagyna bolsa çykdy.

Baýrakly orunlary eýelänleň üçüsi hem Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiň okuwçylarydyr. Olar bu ýerde Aýhanym Gulamalyýewanyň ýolbaşçylygynda türgenleşýärler. Koreýa Respublikasynda türkmen toparyna ýolbaşçylyk eden Ýana Wahitowany hem belläp geçmek gerek. Onuň köp ýyllyk tälimçilik tejribesi sportuň şu görnüşi boýunça ýaryşlarda ilkinji halkara üstünligini gazanmaga kömek etdi.

Phençhandaky türgenleşik okuwlary barada aýdylanda, olar iň abraýly halypalaryň ýolbaşçylygynda geçirildi. Olaryň hatarynda Koreýa Respublikasynyň at gazanan tälimçisi, şort-trek boýunça öz ýurdunyň köp gezek çempiony, ýaş şägirtlerine az bolmadyk sport syrlaryny öwrenen Kim Sung Han bar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň