Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedowyň köpugurly syýasatyny açyp görkezýän täze kitaplar neşir edildi

23:1221.01.2022
0
4821

21-nji ýanwarda Aşgabatda «Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary», «Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy» hem-de «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti» atly syýasy kitaplaryň neşir edilmegi mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu kitaplarda türkmen Lideriniň baştutanlygynda döredijilikli ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň saýlan netijeli daşary syýasat ugry aýdyň şöhlelendirilýär.

Foruma ylym we bilim ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary hem-de mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahata Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem çagyryldy.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygar astynda geçen ýyl Türkmenistanyň daşary döwletler hem-de halkara guramalar bilen üstünlikli köpugurly hyzmatdaşlygynyň, dünýä bileleşiginiň ýurdumyza, halkymyzyň baý medeni mirasyna, medeniýetine hem-de sungatyna barha artýan gyzyklanmasynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Maslahata gatnaşyjylar «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän şu ýylda neşir edilen täze kitaplaryň häzirki we geljekki nesiller üçin Türkmenistanyň şanly taryhyny açyp görkezýän gymmatly miras boljakdygyny bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň