Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda zenan suratkeşleriň arasynda bäsleşik yglan edildi

20:0221.01.2022
0
1263

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zenan kalbynyň joşguny» atly sergi-bäsleşigini yglan edýär.

2022-nji ýylda geçirilýän sergi-bäsleşigine Türkmenistanyň zenan suratkeşleri şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň dürli görnüşleri boýunça döreden eserleri bilen gatnaşyp bilerler. Hödürlenýän eserlerde ýurduň belent ösüşleri, türkmen tebigatynyň ajaýyp gözellikleri, medeni we ruhy gymmatlyklarymyz çeper wasp edilmelidir.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň özleri baradaky gysgaça maglumatlary we eserleri 2022-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde hasaba alynýar.

Bäsleşigiň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

  • Salgysy: Aşgabat şäheri, Asudalyk köçesiniň 33-nji jaýy.
  • Habarlaşmak üçin telefonlar: 92-25-24, 92-47-46.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň