Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen talyplarynyň halkara üstünlikleri

19:5721.01.2022
0
1834

Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde sanly bilim ulgamyny okuw işine ornaşdyrmaklygyň çäginde ylmy işlerdir ders bäsleşikleri geçirilýär. Şonuň esasynda gowy netije gazanan zehinli talyplar ýokary okuw mekdepleriniň arasynda we halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýärler.

Agzalan ýokary okuw mekdebiniň zehinli talyplary 2021-nji ýyly döwlet hem halkara derejede geçirilen bäsleşiklerde ýokary netijeler bilen jemläp, 2022-nji ýyly hem sowgatly garşyladylar.

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň zehinli talyplary geçen 2021-nji ýylda biologiýa we adamyň fiziologiýasy, medisina bakteriologiýasy we wirusologiýasy, himiýa, ekologiýa ýaly dürli ugurlardan geçirilen halkara internet, ders bäsleşiklerine gatnaşyp, 65 sany baýrakly orunlary eýeläp, 46 altyn, 16 kümüş, 3 sany bürünç medala mynasyp boldular.
2021-nji ýylyň 28-nji fewralynda bu ýokary okuw mekdebiniň kesel bejeriş fakultetiniň 6-njy ýyl talyby Öweznepes Orazgeldiýew, 30-njy sentýabrynda bolsa şu fakultetiň 4-nji ýyl talyby Şatlyk Tekäýew Russiýa Federasiýasynyň

Penza şäherinde ýerleşýän Ylmy hyzmatdaşlyk boýunça «Ylym we bilim» atly halkara merkez tarapyndan geçirilen ХХХ «Iň gowy barlag işi — 2021» halkara bäsleşiginiň lukmançylyk ylymlary bölüminde birinji orny eýelemegi başardylar. 1 — 30-njy mart aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde ýerleşýän Ýewraziýa patent edarasy tarapyndan «Biz — Awisennanyň nesilleri» ady bilen geçirilen ylmy işleriň halkara bäsleşiginde pediatriýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Oraz Garlyýew baýrakly üçünji orny eýeläp, professor-mugallymlary begendirdiler.

Golaýda bu ýerde geçen okuw ýylynda halkara we ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolan zehinli talyplary sylaglamak dabarasy guraldy. Bäsleşikleriň ýeňijilerine Hormat hatlary gowşurylyp, olara 2022-nji ýylda hem uly üstünlikler arzuw edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň