Arhiw

«Amazon» egin-eşikleriň ilkinji bölek söwda dükanyny açmakçy

18:3121.01.2022
0
714

«Amazon» korporasiýasy şu ýylyň dowamynda egin-eşikleriň bölek söwdasy boýunça ilkinji dükanyny açmakçy, ol Amazon Style diýen at bilen Los-Anjelesde ýerleşer. Bu barada kompaniýanyň saýtynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar.

Habarda nysakly egin-eşikleriň, aýakgaplaryňdyr aksessuarlaryň erkekler we aýallar üçin giň görnüşi müşderilere hödürlener.

Amazon – Amerikanyň iri kompaniýalarynyň biri bolup, ol elektron söwda, emeli aň we multimediýa ugurlaryna ýöriteleşendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň