«Hazar balyk» geçen ýyl 1 milliona ýakyn gaplanan balyk öndürdi

11:1121.01.2022
0
880

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň garamagyndaky «Hazar balyk» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýokary önümçiligi alyp barýar.

Bu ýerde balygy emeli usul bilen köpeltmek, onuň işbilini almak we balygy gaýtadan işlemek boýunça önjeýli işler alnyp barylýar. Esasy aýratynlygy bolsa, gaýtadan işlenilen balyklar ýörite önümler, zerur witaminler bilen bugda bişirilýär. Taýýar bolan önümler bug bilen bişirilende, onuň düzümindäki ynsan bedeni üçin peýdaly witaminlere zeper ýetmeýär. Häzirki wagtda kärhanada balyk gaplamalary, sowuklygyna we gyzgynlygyna tüssede kakadylan, duzlanan we marinada ýatyrylan balyklar öndürilýär.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän bu toplumda, diňe 2021-nji ýylda 1 million töweregi gaplanan balyklaryň dürli görnüşleri öndürildi. Bu önümler häzirki wagtda daşary ýurt bazarlaryna hem eksport edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň