Soňky habarlar

Arhiw

"Balkandokma" 2020-nji ýyldakydan 1,2 müň tonna önümi kän öndürdi

10:5621.01.2022
0
699

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Serdar şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde döwrüň ösen talaplaryna laýyk işler amala aşyrylýar.

Toplumda taýýarlanylýan ýüplük bu gün, dünýä bazarlarynda hem iň islegli harytlar bolup durýar. Geçen ýylda toplumda 4 müň 610 tonna nah ýüplük taýýarlanyldy. Bu görkeziji kärhanada 2020-nji ýyla garanyňda, geçen ýyl 1 müň 220 tonna önümiň köp öndürilendigini görkezýär. Geçen ýyl içerki we daşarky bazarlarda ýerleşdirilen ýüplüklerden gazanylan girdeji 83 million manatlykdan hem geçdi. Munuň özi deňeşdirilýän döwürde görkezijileriň iki essä golaý artandygyna güwä geçýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň