Arhiw

Daşoguz DES ýönekeý dolanyşykdan utgaşdyrylan bug-gaz dolanyşygyna geçirmek göz öňünde tutulýar

22:2520.01.2022
0
4565
Daşoguz DES ýönekeý dolanyşykdan utgaşdyrylan bug-gaz dolanyşygyna geçirmek göz öňünde tutulýar

Daşoguz döwlet elektrik stansiýasyny ýönekeý dolanyşykdan utgaşdyrylan bug-gaz dolanyşygyna geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün, 20-nji ýanwarda ýurduň demirgazyk künjegi bolan Daşoguz welaýatyna bolan iş saparynyň dowamynda geçiren maslahatynyň dowamynda belläp geçdi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, bu çäreleriň amala aşyrylmagy bolsa tebigy gazy sarp etmezden, goşmaça elektrik energiýasyny öndürmäge, daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň möçberini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berer.
Kuwwatlylygy 254 megawatdan hem köp bolan Daşoguz döwlet elektrik stansiýasynyň öndürýän energiýasy welaýatyň sarp edijilerinden daşary beýleki ýurtlara hem iberilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal — Balkan — Daşoguz ugurlary boýunça gurulýan ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen, Daşoguz welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüşine batly itergi berjek ygtybarly energiýa çeşmeleriniň ýene-de biriniň dörediljekdigine ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň