Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan «Hindistan – Merkezi Aziýa» sammitine onlaýn görnüşde gatnaşar

23:0320.01.2022
0
990

Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň başlangyjy bilen 27-nji ýanwarda geçirilmegi meýilleşdirilen «Hindistan – Merkezi Aziýa» sammiti wideo aragatnaşyk arkaly geçiriler.

Hindi habar beriş serişdelerinde beýan edilişi ýaly, pandemiýa sebäpli onlaýn görnüşde geçiriljek Hindistanyň Hökümet baştutanynyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň Prezidentleriniň we Owganystanyň wekiliýetiniň gatnaşmagyndaky «Hindistan – Merkezi Aziýa» forumynda Hindistan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşyklaryny täze belentliklere çykarmak üçin nobatdaky ädimleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar. Şeýle hem sebitdäki we halkara derejesindäki derwaýys meseleler, esasan-da, Owganystan meselesi, sebitleýin howpsuzlyk ýagdaýy barada pikir alyşmalara garaşylýar.

Ilkinji gezek geçirilýän «Hindistan – Merkezi Aziýa» sammiti Hindistanyň «Giňeldilen goňşulyk» syýasatynyň bir bölegi bolan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen barha ösýän we täze derejelere göterilýän gatnaşygynyň beýanydyr.

«Türkmenportal-yň» ozal habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi tarapyndan Hindistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýola goýlan köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklar, ýurtlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin alnyp barylýan giň gerimli işler üçin minnetdarlyk haty hem-de Hindistan Respublikasynyň güni mynasybetli geçiriljek dabara gatnaşmak üçin çakylyk haty gelip gowşupdy.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň