Soňky habarlar

Arhiw

«Aşgabat-Siti» taslamasynyň resmi saýty bar

19:0020.01.2022
0
25135

«Aşgabat-Siti» megataslamasynyň Internetde resmi saýty bar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti gurluşygyň gitjek meýdançasyna baranda aýtdy.

Sahypa «akylly şäheriň» ruhuna doly kybap gelýär. Geljekdäki ýaşaýyş toplumynyň taslamalary bilen tanyşmaga mümkinçilik berjek saýtda «şäher içindäki şäher» barada gysgaça düşündiriş, galereýa we wirtual gezelenç mümkinçiligi bar.

Mundan başga-da, saýtda myhmanlar bu ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy bilen baglanyşykly öz pikirlerini we tekliplerini goýup bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň