Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Adalat üçin bilim» atly gibrid görnüşinde okuw sapagy geçirildi

14:0120.01.2022
0
1290

BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) guramagynda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin «Adalat üçin bilim» atly gibrid görnüşinde okuw sapagy geçirildi.

Bu okuw sapagyna Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdy. 2022-2025-nji ýyllar üçin Merkezi Aziýa ýurtlary üçin UNODC Maksatnamasynyň «Jenaýatyň öňüni almak, adalat ygtyýaryny giňeltmek we kanunyň hökmürowanlygyny güýçlendirmek» 2-nji kiçi maksatnamanyň çäginde gurnaldy. Okuw sapagyň dowamynda esasan hem, Adam söwdasy, migrantlaryň bikanun getirilmegi, terrorçylyga garşy göreş, kiber jenaýatçylygy, kiberhowpsuzlyk we kiberjenaýatçylygyň öňüni almak ýaly wajyp meseleleriň üstünde durlup geçildi. Çäräniň dowamynda ýokarda ady agzalan bilim edaralarynyň mugallymlaryny taýýarlamak maksady bilen UNODC başlangyç, orta we ýokary bilim derejeleri üçin niýetlenen «Adalat üçin bilim» (E4J) okuw maglumatlaryny ulanmak boýunça geçirildi.

Okuw sapagyň dowamynda halkara guramalaryň wekilleriniň, şeýle hem daşary ýurtly wekilleri dünýä tejribesine esaslanyp, jenaýatyň öňüni almak we kanunyň hökmürowanlygyny güýçlendirmek boýunça çykyş etdiler hem-de şeýle okuw sapaklarynyň mugallymlaryň arasynda yzygiderli dowam etdirilmekligi meýilleşdirilendigi barada hem bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň