«Daşoguz habarlary» welaýat gazetinde 2022-nji ýyly wasp etmek boýunça bäsleşik yglan edildi

12:1220.01.2022
0
2057

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň göreldeli waspçysy» atly bäsleşigi yglan edýär

Eziz Diýarymyzda uly şatlyk we arzuw-umytlar bilen garşylanan 2022-nji ýylyň halkymyzyň göwün islegi esasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli, wagyz-nesihatçylaryň arasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň göreldeli waspçysy» diýen at bilen geçiriljek welaýat bäsleşiginiň maksady hormatly Prezidentimiziň ösüşleriň we rowaçlygyň aýdyň ýolunda bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyz, baky bagtyýarlygyň goýnunda erkana durmuşda ýaşaýan halkymyz bilen ruhy bitewüligini alamatlandyrýan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda milli Liderimiziň öňe sürýän içeri we daşary syýasatyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik maksatly başlangyçlaryny, nurana geljegiň berk binýadyny berkarar edýän Döwlet maksatnamalarynyň ähmiýetini wagyz etmekden, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygaryň astynda durmuşa geçirilýän hoşniýetli döwlet syýasatyny şöhratlandyrmakdan, ajaýyp zamanamyzyň eşretli, bolelin durmuşyny, asuda, parahat Diýarymyzy, şeýle hem «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny mynasyp dabaralandyrmakdan ybaratdyr.

Bäsleşigiň şertleri

Bäsleşige TDP-niň işjeňleri, welaýat, şäher we etrap komitetleriniň ýanynda hereket edýän wagyz-nesihat toparlarynyň agzalary, okyjylar, şeýle hem halk köpçüligi gatnaşyp bilerler. Olar bäsleşige Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ösüşli ýyllarynyň biri boljak «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, gazanylýan ösüşleri we nurana ertirleri nazarlaýan aýdyň maksatly başlangyçlary mynasyp wasp etmek bilen gatnaşyp bilerler. TDP-niň şäher we etrap komitetleriniň başlyklary tarapyndan bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda diňe 1-nji orna mynasyp bolan hem-de metbugatda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň göreldeli waspçysy» atly bäsleşige» diýen rubrika bilen çykyş eden, şeýle hem teleradioýaýlymlardaky çykyşlary hasaba alnan ýeňijileriň maglumatlary, çap bolan syýasy makalalarynyň nusgalary, teleradioýaýlymlardaky çykyşlarynyň ýazgylary, döwlet derejesindäki dabaralarda, maslahatlarda, ýygnaklarda eden çykyşlarynyň meýilnamalary, çykyşlarynyň ýazgylary hem-de suratlary 2022-nji ýylyň 1-nji dekabrynda TDP-niň welaýat komitetiniň ýanynda döredilen eminler toparyna berilmeli.

Bäsleşigiň geçiş tertibi

Bäsleşik iki tapgyrda geçirilýär. Bäsleşigiň birinji tapgyry ähli etraplarda we Daşoguz, Köneürgenç şäherlerinde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň göreldeli waspçysy» atly şygar astynda geçirilýär. TDP-niň şäher we etrap komitetleri tarapyndan, öz çäklerinde ýaşaýan waspçylaryň (2022-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlary boýunça, ýagny on bir aýyň dowamynda) köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilen çykyşlarynyň, syýasy makalalarynyň, şeýle hem wagyz işleriniň sany boýunça iň köp çykyş eden bäsleşige gatnaşyjylaryň sanawy seljerilýär we tassyklanylýar. Onuň netijeleri boýunça degişli kararlar çykarylyp, şäherdir etrap derejesindäki göreldeli waspçylara, degişlilikde, 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlar berilýär hem-de ýeňijiler ýadygärlik sowgatlary bilen höweslendirilýär.

Bäsleşigiň welaýat tapgyryna bolsa şäherdir etraplarda diňe 1-nji orna mynasyp bolan ýeňijilere gatnaşmaga hukuk berilýär. Bäsleşigiň bu tapgyrynda, ýörite düzülen eminler topary tarapyndan (eminleriň düzümi TDP-niň welaýat komitetiniň işgärlerinden, «Daşoguz habarlary» gazetiniň jogapkär, halypa işgärlerinden, şeýle hem tanymal ýazyjy-şahyrlardan düzülýär) gelen ähli resminamalara seljerme geçirilip, 2022-nji ýylyň 3-nji dekabrynda jemlenilýär.

Eminler toparynyň gelen gutarnykly netijesi boýunça 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp bolan waspçylar yglan ediler. Ýeňijilere TDP-niň welaýat komitetiniň we «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar. Ýeňiji bolan göreldeli waspçylar «Daşoguz habarlary» gazetiniň üsti bilen giň halk köpçüligine tanyşdyrylar.

TDP-niň welaýat komitetiniň salgysy: Daşoguz şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1-nji jaýy.

Telefon belgileri: 9-35-15; 9-35-25; 9-28-47; 9-30-42.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň