Soňky habarlar

Arhiw

Belorussiýada Konstitusiýa boýunça ählihalk sala salşyklary fewral aýynyň ikinji ýarymynda geçiriler

18:3819.01.2022
0
843

Düýn – 18-nmji ýanwarda, sişenbe güni Belarrussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko ýurduň parlamenti tarapyndan üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen Konstitusiýasynyň täze taslamasyny tassyklamaklyk üçin ählihalk sala salşygynyň şu ýylyň fewral aýynyň ikinji ýarymynda geçiriljekdigini aýtdy. Bu barada «tass.ru» web sahypasy Belarussiýanyň «Belta» habarlar agentliginiň täzeliklerine salgylanyp habar berdi.

Belorussiýanyň parlamenti tarapyndan üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, täzelenen Konstitusiýasynyň taslamasy geçen ýylyň 27-nji dekabrynda Belorussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň resmi web sahypasynda, şeýle hem ýurduň Milli hukuk maglumatlary merkeziniň portalynda çap edilip, halkyň dykgatyna ýetirildi. Bu resminama ýurduň Esasy Kanunynyň maddalarynyň ýarysyna golaýyny üýtgetmegi teklip edýär.

Belorussiýanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilmeginiň esasy maksady döwlet Baştutanynyň, parlamentiň we hökümetiň wezipelerini we ygtyýarlyklaryny kesgitlemeklikden we Konstitusiýanyň döwlet dolandyrylyşynyň prezident respublikasy görnüşi hakyndaky düzgünleriniň üýtgedilip bilinmesizdigini kanunçylyk taýdan berkitmeklikden ybaratdyr.

Belorussiýanyň Konstitusiýasynyň täze taslamasynda, hususan-da, ýurduň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklaryny we karar bermekde garaşsyzlygyny giňeltmek teklip edilýär.

Şeýle hem, Belarussiýanyň Esasy Kanunynyň täze taslamasynda ýurduň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda demokratiýanyň aýratyn bir görnüşi, konstitusiýa guramasy hökmünde döredilen Bütin Belarus Halk Mejlisini düzümini giňeltmek we oňa goşmaça wezipeler bermek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň