Arhiw

«Gerekli» internet dükany smartfon satyn alyjylar üçin iň amatly bahany we mugt eltip berme hyzmaty kepillendirýär

16:5219.01.2022
1
6912

«Gerekli» internet dükany dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerinden jemi 80-den gowrak smartfon modeli sargyt etmek mümkinçiligini hödürleýär.

«Gerekli» onlaýn söwda meýdançasynyň smartfonlarynyň hemmesi bir ýyl kepillik bilen gelýär. Bu internet dükanda bar bolan dürli görnüşli, köpsanly smartfon modelleriniň bahalarynyň hem dürli-dürli bolmagy, islendik nyrhdan döwrebap akylly telefonlary saýlap almaga mümkinçilik berýär.

«Gerekli» onlaýn söwda meýdançasy müşderilere smartfonlaryň «Samsung», «Realme», «Techno», «Xiaomi», «Vivo», «Alcatel» we «Redmi» modellerini hödürleýär. Bulardan başga-da, bu internet dükan «Samsung» kompaniýasyndan iň täze we aýratyn modelleri sargyt etme mümkinçiligini we eltip berme hyzmatyny hödürleýär.

«Gerekli» internet dükanyndan smartfon sargyt eden müşderiler üçin eltip berme hyzmaty mugt ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem, «Gerekli» onlaýn söwda meýdançasynyň müşderilerine «Iň oňat baha kepilligi» mümkinçiligini hödürleýändigini aýratyn bellemek gerek.

«Gerekli» internet dükany öz önümlerine arzan bahalary kepillendirýär we şol bir önüm beýleki bazarlarda arzan bahadan tapylsa, öwezini dolmaga taýyndygyny habar berýär.

Mundan başga-da, «Gerekli» internet dükany müşderileri üçin her çarşenbe güni harytlary 10 göterimden – 50 göterime çenli arzanladyş bilen satyn almaga mümkçilik berýän «Gerekli gün» aksiýasyny geçirýär. «Gerekli gün» aksiýasynda satylýan dürli harytlaryň – azyk önümleriniň, öý-hojalyk enjamlarynyň, wesme (kosmetika) önümleriniň we dürli durmuş harytlarynyň sanawy her gezek üýtgeşik, ýagny täze harytlar bilen täzelenip durulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň