Berdimuhamedow Ahaldaky täze seýilgähiň taslamasy bilen tanyşdy

23:2018.01.2022
0
743

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky seýilgäh-dynç alyş zolagynyň taslamasy bilen tanyşdy.

Zolagyň çäginde «Ahal welaýatynyň taryhy-medeni seýilgähi» diýlip atlandyrylan bölekde sebitde bar bolan taryhy ýadygärlikleriň, aramgähleriň we zyýarat edilýän ýerleriň, ýadygärlikleriň şekilleri ýerleşdiriler.

Milletiň Lideri seýilgähiň daş-töwereklerinde dag arçasyny ekmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi we bu ýerde ekiljek baglaryň ideg işlerine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Munuň özi bu künjekde ýokary ekologik ýagdaýyň saklanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň