Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ýurtda täze guruljak desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy

23:0518.01.2022
0
891

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäklerinde gurulýan we ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary hem-de ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Bu ýerde görkezilýän şekil taslamalary barada ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň gurulýan desgalaryň direksiýasynyň ýolbaşçysy D.Orazow hasabat berdi.

Döwlet Baştutanynyň garamagyna “Ahal” monumentiniň hem-de Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binasynyň içki we daşky görnüşleriniň, onuň enjamlaşdyrylyş aýratynlyklarynyň taslamalary hödürlenildi. Şekil taslamalaryň hatarynda täze edara ediş merkeziniň çäginde gurulýan 100 we 150 orunlyk çagalar baglarynyň içki bezeg aýratynlyklary, enjamlaşdyrylyşy barada giňişleýin maglumat berýän şekiller hem bar.

Merkezde bina edilýän ähli desgalarda döredilýän mümkinçilikleriň häzirki döwrüň ösen talaplaryna, döwrüň belent ruhuna laýyk gelmegi baş wezipe hökmünde kesgitlenildi. Şunda adamlaryň bagtyýar durmuşy hem-de göwnejaý dynç almagy we öndürijilikli işlemegi üçin zerur şertleriň döredilmegi häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyna bolşy ýaly, onuň binagärlik derejesine, yşyklandyryş ulgamyna, şol bir wagtyň özünde durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna möhüm orun degişlidir. Şeýle-de häzirki zaman stadionlarynyň, sport desgalarynyň gurluşygyna hem-de enjamlaşdyrylyşyna, aýratyn-da, desgalarda sport bilen meşgullanmak üçin zerur mümkinçilikleriň üpjün edilmegine uly üns berilýär.

Döwlet Baştutanynyň garamagyna täze edara ediş merkezinde gurulmagy meýilleşdirilýän inžener ulgamlarynyň ýerleşiş çyzgysy hem hödürlenildi. Milli Liderimiz inženerçilik-tehniki ulgamlarynyň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmagynyň zerurdygyny belläp, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň