Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow «Ahal» monumentiniň gurluşygy bilen tanyşdy

23:0018.01.2022
0
1123

Şu gün Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşlygyň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň häkimliginiň öňündäki meýdançada oturdylýan, beýikligi 40 metr bolan “Ahal” monumentiniň gurluşygynyň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Milletiň Lideri halkymyz üçin has amatly şertleri döretmegiň şähergurluşyk maksatnamasyny hem-de tutuş döwlet syýasatyny amala aşyrmakda esasy ýörelge bolmalydygyna ünsi çekdi. Milli binagärligiň iň gowy däplerini we dünýäniň şähergurluşyk babatdaky gazananlaryny özünde jemleýän, giň gerimde gurulýan döwrebap desgalaryň ählisi şu ýörelgä laýyk gelmelidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň