Soňky habarlar

Arhiw

«Brent» nyşanly nebitiň bahasy 2014-nji ýyldaky iň ýokary derejä çykdy

10:2219.01.2022
0
4890

Brent nyşanly «gara altynyň» fýuçersiniň bahasy Londonyň ICE biržasyndaky düýnki söwdalaşyklarda 2014-nji ýylyň oktýabryndaky rekord derejä çykdy, ýagny bir barreliniň nyrhy 88 amerikan dollaryna ýetdi. Soňky gezek nebitiň bu görnüşiniň bahasy bir barrel üçin 2014-nji ýylda şeýle nyrha deň bolupdy. Şol bir wagtda biržada WTI nyşanly nebitiň bahasynyň bir barrel üçin 85 dollara ýetendigi habar berilýär.

Öň ykdysatçy, Russiýanyň Energetiki ösüş gaznasynyň direktory Sergeý Pinkin 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde nebitiň bir barreliniň 100 dollardan geçmeginiň mümkindigini çaklapdy, ol muňa bazarda nebite bolan islegiň artýandygynyň sebäp boljakdygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň