Soňky habarlar

Arhiw

Ertir Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlar

01:5409.02.2015
0
4281

Aşgabat, 09.02.2015. “Türkmenportal”.

10-12-nji fewralda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler. Bu sergä Türkiýe Respublikasyndan 400-e golaý işewürden ybarat wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar. Türk kompaniýalarynyň 160-a golaýy gurluşyk serişdelerini, metal önümlerini, dürli enjamlary, elektrik energetika hojalygy, dokma we azyk senagaty, söwda pudagy we sport ulgamy üçin enjamlary, öý hojalygynda ulanylýan tehnikalary we beýleki harytlary görkezer.

Dürli ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşýan her ýylky ykdysady sergileriň ýurdumyza içerki bazaryň mümkinçiliklerini halkara jemgyýetçiligine görkezmäge we şunuň bilen birlikde önümçiligiň we tehnologiýalaryň dürli ulgamlarynda dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň baý tejribesi we uly kuwwaty bolup, ol milli ykdysadyýetleriň serişdelerini hem-de üstünliklerini nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklarda täze sepgitlere ýetmäge gönükdirilendir. Däp bolan ugurlarda, şeýle hem täze ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň netijeli guraly bolan nobatdaky sergi hem özara gatnaşyklary has-da giňeltmek işinde uly ähmiýete eýedir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň