Türkmenistan geçen ýyl 50 tonna balyk önümlerini eksport etdi

17:4518.01.2022
0
1712

Geçen ýylda 50 tonnadan gowrak gaplanan balyk önümleri daşary ýurtlara eksport edildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda «Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetini üýtgedip guramak hakynda» Permana gol çekmegi bilen, komitetiň garamagyndaky kärhanalar hususylaşdyryldy. Olarda abatlaýyş, durkuny täzelemek we maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak işleri geçirildi. Balyklary senagat usulynda ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda emeli suw howdanlaryny gurmak, balyk köpeldilýän inkubatorlary döretmek boýunça maýa goýum taslamalary amala aşyryldy. Balyk kärhanalarynda ýüzlerçe iş orunlary döredildi. Welaýatlarda we paýtagtymyzda ýöriteleşdirilen balyk dükanlary hem-de söwda nokatlary açyldy.

Maglumatlara ser salsak, pudakda 4 million manatlyk maýa goýumlary özleşdirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlaryna laýyklykda, balykçylyk hojalyklarynda 19 sany dikeldiş-abatlaýyş çäreleri göz öňünde tutulyp, olaryň 5-si boýunça desgalaryň gurluşyk-gurnama işleri tamamlandy, 14-sinde işler dowam edýär.

Häzirki wagtda TSTB-niň balykçylyk bilen meşgullanýan agzalarynyň sany 60-a golaýlaýar. Senagat taýdan balyk ýetişdirýän iri kärhanalaryň hatarynda Ahal welaýatyndan «Toý zaman» hojalyk jemgyýetini, Balkandan «Hazar balyk» AGPJ-ni, Daşoguzdan «Ak durna» hususy kärhanasyny, Lebapdan «Lebap balyk» hojalyk jemgyýetini, Marydan «Täze balyk» hususy kärhanasyny görkezmek bolar. Olaryň köllerde, Hazar deňzinde we emeli howdanlarda ýetişdirýän balyklary we balyk önümleri ýurdumyzyň bazarlaryna ýerlenýär, bu önümler bilen degişli býujet edaralary üpjün edilýär. Olardan başga-da, höwesjeň balykçylaryň ýüzlerçesi bu ugurda işleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň