Soňky habarlar

Arhiw

Şu ýyl Uzynadada nebitli guýularyň ikisi gazylar

17:1818.01.2022
0
591

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilen seýsmiki barlag we «Türkmennebit» döwlet konserniniň amala aşyran çuň buraw işleriniň netijesinde ýurdumyzyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Uzynada gazkondensat ýatagynyň üsti açyldy. Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna bolan iş saparynda bu künjegi özleşdirmek boýunça wezipeler kesgitlenildi ― diýip, «Türkmenistan» gazetinde ýazylýar.

Şu ýylda meýdançanyň çäklerinde taslama çuňlugy 6300 metr bolan 3-nji belgili, gözleg we taslama çuňlugy 6750 metr bolan 72-nji belgili ulanyş maksatly guýularyň gazylmagy meýilleşdirilýär. Guýularyň gazuw işleri daşary ýurtlardan satyn alnan buraw desgalary arkaly amala aşyrylar. Balkanabatdan 80 kilometr uzaklykda ýerleşýän Uzynadada buraw işlerini alyp barmak üçin zerur enjamlardyr turbalar bu ýere kuwwatly tehnikalar arkaly ýetirilýär. Bu mesgende zähmet çekýän hünärmenler iş üstünde gyzgyn nahar bilen üpjün edilýär.

Ýeri gelende aýtsak, Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän bu meýdançada burawlanan ilkinji geologik gözleg-barlag guýusy 1972-nji ýylda 4 müň 213 metr çuňluga çenli gazylypdy. Şeýle çuňlukda geçirilen geologik-geofiziki barlaglaryň netijesinde uglewodorod doýgunly gatlaklaryň ýüze çykarylmandygy sebäpli, şol ilkinji guýy petiklenip goýlupdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň, esasan hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen alymlarynyň we geologlarynyň geçiren has anyk barlaglary netijesinde meýdançadaky işlere täzeden badalga berlip, 2015-nji ýylda bu ýerde sebitde iň çuň hasaplanylýan, taslama çuňlugy 7 müň 150 metr bolan 7-nji belgili gözleg-barlag guýusynyň gazuw işlerine ynamly girişildi. Guýynyň buraw işleri 2017-nji ýylda üstünlikli tamamlanyp, 6689 — 6695 metr aralykdan uglewodorod çig malynyň akymy alyndy. Şondan soň 17-nji we 1-nji belgili guýularda geçirilen gazuw işleri-de garaşylýan oňyn netijeleri berdi. Munuň özi türkmen alymlarynyň we geologlarynyň çaklamalarynyň dogrudygyny doly tassyklan buýsançly pursat bolupdy. Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň 5-nji maýynda geçirilen mejlisinde ilkinji gazylan 7-nji belgili guýudan deslapky hasaplamalara görä, bir gije-gündizde tebigy gazyň 500 müň kub metrine we gaz kondensatynyň 150 tonnasyna barabar önüm berýän täze guýynyň gazuw işleriniň üstünlikli tamamlanmagy bilen mähirli gutlamagy pudagyň zähmet toparlaryny belent sepgitlere ruhlandyrypdy. Hut häzirki wagtda hem Uzynada meýdançasynyň nebitgazlylygyny düýpli öwrenmek maksady bilen, “Türkmennebit” döwlet konserniniň we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň buraw işlerini amala aşyrýan düzümleriniň hünärmenleri tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň diňe bir “Körpeje” buraw işleri müdirliginiň Uzynada meýdançasynyň çäklerinde 2015-nji ýyldan bäri gazuw işlerini tamamlap, senagat taýdan özleşdirmäge tabşyran guýularynyň sany 10-a golaýlaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň