Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdany köpeldiler

23:3517.01.2022
0
8247

Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda 2022-nji ýylda Türkmenistan boýunça ýazlyk hem-de güýzlük ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekilmeli meýdanlary hem-de öndürilmeli önümleriň möçberleri baradaky hasabatlar diňlenildi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi bu oba hojalyk ekinlerini sebitiň 28 müň 310 gektarynda ýerleşdirmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi sebitde ýazlyk we güýzlük ýeralmanyň hem-de gök-bakja ekinleriniň ekiljek umumy meýdanlarynyň 9 müň 630 gektara barabar boljakdygyny habar berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi şu ýylyň ekiş möwsüminde sebitde ýokarda agzalan oba hojalyk ekinleriniň 28 müň 220 gektar ýerde ekiljekdigi barada hasabat berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi hasabat berip, sebitde ýazlyk we güýzlük ýeralma hem-de gök-bakja ekinlerini ekmäge 11 müň 670 gektaryň bölünip berlendigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň