Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynda gowaça ekiljek meýdanlar geçen ýyldakydan azalmaz

23:1517.01.2022
0
1301

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu gün geçirilen iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa sebitdäki işleriň ýagdaýy, şu günler oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, hususan-da, ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim şu ýylda welaýat boýunça 263 müň 133 gektar ýerde oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.

Hususan-da, welaýat boýunça 130 müň gektar ýere gowaça ekiler. Şeýle hem 10,2 müň gektara şaly, 2,3 müň gektara ýeralma, 3 müň 950 gektara gök ekin, 2,1 müň gektara bakja ekinleri, 3 müň 320 gektara kösükli däneli ekinler we künji, 2,3 müň gektara mekgejöwen we bir ýyllyk otlar ekiler.

Şu günler welaýatyň bugdaý ekilen 130 müň gektar meýdanynda ak ekinlere, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň