Şu ýyl Daşoguz welaýatynda 324 müň gektardan gowrak ýere oba hojalyk ekinleri ekiler

23:1017.01.2022
0
667

Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow şu gün geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutanyna sebitdäki işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaýa ideg edilmegi, gowaçanyň hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görülmegi bilen birlikde, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan işleriň depgini barada hasabat berdi.

Geçen ýylyň güýzünde welaýatda 145 müň gektar ýere ekilen bugdaýdan bol hasyl almak ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şu ýyl oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin jemi 324 müň 20 gektar ýer bölünip berildi. Şonça ýeriň 140 müň gektaryna gowaça ekiler.

Şaly ösdürip ýetişdirmäge 8,1 müň gektar, ýeralma üçin 8,8 müň gektar, gök ekinleri ekmek üçin 7 müň 405 gektar, bakja ekinleri üçin 3 müň 745 gektar, kösükli däneli ekinler we künji üçin 8,27 müň gektar hem-de mekgejöwen we bir ýyllyk otlar üçin 1,7 müň gektar ýer bölünip berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň