Soňky habarlar

Arhiw

Şu ýyl Ahal welaýatynda oba hojalyk ekinleri üçin 362,61 müň gektar ýer bölünip berildi

23:0017.01.2022
0
793

Ahal welaýatynda şu ýyl oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin jemi 362,61 müň gektar ýer bölünip berildi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda şu gün geçirilen iş maslahatynda aýdyldy.

Şu ýyl welaýatda şonça ýeriň 35 müň gektaryna gowaça ekiler. Şonça ýerden 280 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. 195 müň gektar ýerde bugdaý ösdürilip ýetişdirilýär.

Ýeralma ösdürip ýetişdirmäge 13,1 müň gektar, gök ekinler üçin 9,38 müň gektar, bakja ekinleri üçin 3,32 müň gektar, kösükli däneli ekinler we künji üçin 2,51 müň gektar hem-de mekgejöwen we bir ýyllyk otlar üçin 1,6 müň gektar ýer bölünip berildi.

Iş maslahatynda welaýatyň häkimi Ý.Gurbanow döwlet Baştutanyna obasenagat ulgamynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň geçen hepdede geçirilen mejlisinde «Welaýatlar boýunça 2022-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakynda» hem-de «Türkmenistanda 2022-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda» Kararlaryň, şeýle hem “Welaýatlar hem-de etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini tassyklamak hakynda” Buýrugyň kabul edilendigini belledi.

Milletiň Liderine ýokarda agzalan Kararlaryň durmuşa geçirilmegi babatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi. Şol Kararlara laýyklykda, gowaçanyň, ýazlyk we güýzlük ýeralmanyň, soganyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny hem-de ekişde ulanyljak tehnikalardyr gurallary möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň