Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Türkmenistanda gar gatyşykly ýagyş ýagar

09:0618.01.2022
0
6820
Şu gün Türkmenistanda gar gatyşykly ýagyş ýagar

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 18-nji ýanwarda Türkmenistanda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty

  • Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -2° sowuk, gündizine 0... +2° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 70 — 90%.
  • Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +4° çenli, gündizine +5... +10°, kenarýaka etraplarda +1... +6° maýyl bolar.
  • Türkmenbaşy şäherinde: howa +4... +6°, basyşy 745 mm, çyglylygy 70 — 90%.
  • Awazada: howa +3... +5°, basyşy 754 mm, çyglylygy 75 — 95%.
  • Balkanabat şäherinde: howa +6... +8°, basyşy 761 mm, çyglylygy 70 — 90%.
  • Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -3° sowukdan +2° çenli maýyl, gündizine -1° sowukdan +4° çenli, günorta-gündogar etraplarynda +7° çenli maýyl bolar.
  • Änew şäherinde: howa +1... +3°, basyşy 739 mm, çyglylygy 70 — 90%.
  • Tejen şäherinde: howa +5... +7°, basyşy 743 mm, çyglylygy 75 — 95%.
  • Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... +5°, gündizine +5... +10° maýyl bolar.
  • Mary şäherinde: howa +6... +8°, basyşy 740 mm, çyglylygy 75 — 95%.
  • Baýramaly şäherinde: howa +7... +9°, basyşy 738 mm, çyglylygy 70 — 80%.
  • Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +4° çenli, gündizine +6... +11° maýyl bolar.
  • Türkmenabat şäherinde: howa +7... +9°, basyşy 743 mm, çyglylygy 75 — 95%.
  • Kerki şäherinde: howa +9... +11°, basyşy 740 mm, çyglylygy 70 — 90%.
  • Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar ýagar. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -3° sowukdan +2° çenli maýyl, gündizine -2° sowukdan +3° çenli maýyl bolar.
  • Daşoguz şäherinde: howa +1... +3°, basyşy 756 mm, çyglylygy 70 — 90%.
  • Köneürgenç şäherinde: howa 0... -2°, basyşy 750 mm, çyglylygy 75 — 95%.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň