Türkmenistanda Döwlet baýdagynyň gününi bellemäge giňden taýýarlyk görülýär

13:4208.02.2015
0
6456

Aşgabat, 08.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanda Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp geçiriljek baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görülýär.

Häzirki wagtda ählihalk baýramçylyk gününde paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde sungat ussatlarynyň geçiriljek döwlet konsertine, taýýarlyk görülýär.

Bulardan başga-da, ýurdumyzyň medeniýet ulgamyna degişli edaralarda, ýokary we orta okuw mekdeplerinde, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň institutlarynda, Baş baýdagyň meýdançasynyň öňünde we welaýatlaryň merkezleriniň esasy meýdançalarynda guraljak aýdym-sazly çykyşlara, sergilere, maslahatlaryň we döredijilik duşuşyklarynyň, beýleki medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegine taýýarlanylýar.

Mahlasy, Türkmenistanda ýurduň garaşsyzlygyny, özbaşdaklygyny, milli bitewüligini alamatlandyrýan Döwlet baýdagynyň gününi ýokary guramaçylyk derejesinde bellenilip geçiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň