«Altyn asyryň» AFK kubogy-2022-iň toparçasyndaky garşydaşlary belli boldy

13:3817.01.2022
0
5386

AFK kubogy-2022-ä gatnaşýan toparlar üçin 17-nji ýanwarda geçirilen bije çekişligiň netijesinde «Altyn asyr» futbol toparynyň garşydaşlary mälim edildi.

«Altyn Asyr» bilen «Nasaf» ýa-da «Sogdiana» (Özbegistan), SSKA (Täjigistan) şeýle-de «Neftçi» (Gyrgyzystan) toparlaryna garşy oýunlar bolar. Toparlar «E» toparçada ýerleşdirildi.

Ilkinji oýun 2022-nji ýylyň 24-nji iýunynda, soňky oýun bolsa 2022-nji ýylyň 30-njy iýunynda bolar.

AFK Çempionlar ligasynyň-2022 toparynyň tapgyryna Özbgistanyň Karşi şäheriniň «Nasaf» topary giren halatynda, Özbegistanyň futbol çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi Jizah şäherinde «Sogdiana» topary AFK kubogy-2022-de çykyş eder. «Nasaf» Çempionlar ligasynyň toparçasyna gatnaşyp bilmese, 2022-nji ýyldaky AFK kubogynda çykyşlaryny dowam etdirer.

«E» toparçada birinji orny eýelän topar AFK-nyň Merkezi zolagynyň finalyna çykar we şol ýerde «F» toparynyň ýeňijisi bilen oýnar. Ýeňiji ýaryşyň indiki tapgyryna bilet we ABŞ-nyň 100,000 dollaryny alar.

Türkmenistanyň çempionatynyň 2021-nji möwsüminde «Altyn asyr» 34 utuk bilen birinji orny eýeledi. Munuň netijesinde topar AFK Çempionlar ligasynyň toparçasyna gatnaşmak hukugyny aldy, ýöne ygtyýarnamany alyp bilmedi.

«Altyn asyryň» ýerine «Ahal» Aziýanyň esasy klub ýaryşynda çykyş eder. AFK kubogynda Türkmenistanyň ýene bir wekili milli çempionatda dördünji orny eýelän «Köpetdag» hem çykyş edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň